- buky
- Goranmak üçin edilen gizlin ýer, jaý, bukalga.∙ Ol bir köle ýakyn egreminde buky gurady. (J. Akyýew, Mergeniň Ogly)∙ Buky ýerde sakla, gizle, berk sakla. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp (u) ýazylýar.Meselem buky - bukuda, bukular, bukusy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.